GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Nebitçi II» we «Ahal II» futbol toparlarynyň ýaşlar düzümleri Türkmenistanyň birinjiliginde öňdebaryjy orunlary eýeleýärler
22.04.2026

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginde 4-nji tapgyry geçirildi.

Geçirilen oýunlaryň netijeleri boýunça «Arkadag II» topary ýaryş tertibinde öňdebaryjy orny eýeleýär. Topar 10 utuk toplamagy başardy. Ikinji orny 9 utuk bilen «Nebitçi II» eýeleýär. 8 utuk gazanan «Ahal II» üçünji orunda ýerleşýär. Dördünji orny «Şagadam» toparynyň ýaşlar düzümi eýeleýär.

«Arkadag» topary Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda hem ýaryş öňdeligi elden bermeýär. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň çäklerinde «Arkadag» topary «Şagadamy» kabul etdi we 3:2 hasaby bilen ýeňiş gazanmagy başardy. «Şagadam» 9 utuk bilen («Arkadag» toparynyň 12 utugy bar) ikinji orny eýeleýär, üçünji orunda bolsa 6 utuk toplan «Altyn Asyr» futbol topary eýeleýär.