GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
TNGZIT toparynyň gatnaşmagynda Naýbaşy futzal ligasynyň deslapky tapgyrynyň birinji aýlawy tamamlandy
20.04.2026

18-nji aprelde Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň deslapky tapgyrynyň 1-nji aýlawynyň jemleri jemlendi.

Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde «A» toparçada ýokarky iki orny «Köpetdag» (9 utuk) bilen «Gümrükçi» (6 utuk) toparlary eýeleýärler. «B» toparçada bolsa birbada üç topar («Deňizçi», «Migrasiýa», Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň topary) 6 utukdan topladylar.

Naýbaşy futzal ligasynyň deslapky jemleýji ikinji aýlawynyň duşuşyklary maý aýynda Mary şäherinde geçiriler.

 

«A» toparçada 3-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:

«Senagatbank» – «Farap» 9:3

 

«B» toparçada 3-nji tapgyryň duşuşyklary:

«Migrasiýa» – «Nesil» – 11:5

TNGIZT topary – «Deňizçi» – 3:6