Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogy ugrundaky ýaryşyň çärýekfinallarynyň geçiriljek wagtlary belli boldy.
Kubok bäsleşiginiň çärýekfinallarynyň ilkinji duşuşyklary şu ýylyň 6-njy maýda, jogap oýunlary bolsa 24-nji iýunda oýnalar.
Ýurdumyzyň Kubok bäsleşiginiň nobatdaky möwsümine futbol çempionatymyzyň wekilleri «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Aşgabat», «Merw», «Nebitçi» hem-de «Köpetdag» toparlarynyň gatnaşmagynda geçiriler. Çärýekfinalda duşuşjak toparlar bije çekişlik esasynda kesgitlenildi.
Çärýekfinal duşuşyklary:
«Şagadam» – «Köpetdag»
«Ahal» – «Nebitçi»
«Altyn Asyr» – «Aşgabat»
«Arkadag» – «Merw»







