4-nji aprelde başlaýan Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň öňüsyrasynda ýokary liganyň toparlary düzümlerini güýçlendirdiler.
Täze oýunçylar "Ahalyň", "Şagadamyň", "Nebitçiniň" düzümlerine hem goşuldylar. Täze oýunçylaryň sanawy bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň web saýtynda tanşyp bilersiňiz.
Şeýle hem birnäçe topar täze baş tälimçiler bilen möwsüme girişýär: “Ahal” toparyna Eziz Annamuhammedow, “Şagadam” toparyna bolsa Maksatmyrat Şamyradow tälimçilik eder.
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň duşuşyklary 2026-njy ýylyň 4-nji apreli bilen 20-nji iýuny aralygynda dowam eder. Üçünji we dördünji aýlawyň duşuşyklary futbol çempionatynyň ikinji ýarymynda geçiriler.







