Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrunda geçirilen ýaryşda kümüş medala eýe boldy. Jemleýji duşuşykda bu topar "Arkadagdan" ýeňildi. Oýun 2:0 hasaby bilen tamamlandy. "Arkadagyň" düzüminde Meýlis Diniýew we Didar Durdyýew gol saldylar.
«Aşgabat» toparyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden «Ahal» hormatly üçünji orna mynasyp boldy. Oýunda Aşyr Jumadurdyýew we Mergen Nurlyýew gol salmagy başardylar. Şeýle hem öz derwezesine gol salyndy.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrunda geçirilen ýaryşa 8 topar gatnaşdy: «Arkadag» (Arkadag şäheri), «Ahal» (Ahal welaýatynyň Änew şäheri), «Şagadam» (Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri), «Merw» (Mary welaýatynyň Mary şäheri), «Aşgabat» (Aşgabat şäheri), «Nebitçi» (Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri), «Köpetdag» (Aşgabat şäheri) hem-de 20 ýaşa çenli Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary.







