3-nji aprelde Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligine badalga beriler.
Birinjilige 8 topar gatnaşar: “Arkadag II” (Arkadag şäheri II), “Ahal II” (Ahal welaýatynyň Änew şäheri), “Altyn asyr II” (Aşgabat şäheri) “Şagadam II” (Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri), “Nebitçi II” (Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri), “Merw II” (Mary welaýatynyň Mary şäheri), “Aşgabat II” (Aşgabat şäheri) hem-de “Köpetdag II” (Aşgabat şäheri). Çempionat myhmançylykdaky oýunlary goşmak bilen dört aýlawdan ybarat bolar. Ilkinji iki tapgyr şu ýylyň 3-nji aprelinden 19-njy iýunyna çenli dowam eder.
Geçen möwsüm ýaşlaryň arasyndaky birinjilik Arkadag şäheriniň “Arkadag II” toparynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy.
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň oýunlarynyň senenamasy bilen Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň saýtynda tanyş bolup bilersiňiz.







