GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
“Şagadam” Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykdy
11.03.2026

Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” topary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bu 10-njy martda “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen birinjiligiň ýarymfinal duşuşyklarynyň netijesinde belli boldy.

Birinji oýunda “Şagadam” hem-de “Aşgabat” toparlary meýdana çykdylar. Oýun 1:0 hasaby bilen “Şagadam” toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Ikinji ýarymfinalda “Arkadag” topary “Ahaldan” 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, ýaryşyň 12-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilýän final duşuşygynda “Arkadag” we “Şagadam” toparlary oýnar. 3-nji orun ugrundaky duşuşykda bolsa “Ahal” we “Aşgabat” toparlary oýnar.