4-nji aprelde Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyna badalga berler. Dört aýlawdan ybarat bolan Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyna toparlaryň sekizisi (“Arkadag”, “Ahal”, “Altyn Asyr”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Merw”, “Köpetdag”) gatnaşar.
Ýaryşyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň duşuşyklary 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 4-i, iýun aýynyň 20-si aralygynda geçiriler. Üçünji we dördünji aýlawyň duşuşyklary häzirki futbol möwsüminiň ikinji ýarymynda geçiriler.
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň senenamasy bilen Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň saýtynda tanyş bolup bilersiňiz.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýaryşda birinjiligi “Arkadag” topary gazandy. “Ahal” topary ikinji, Aşgabat şäheriniň “Altyn Asyr” topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.







