GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
"Ahal” we “Şagadam” Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarymfinalyna çykdylar
09.03.2026

7-nji martda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň çäklerinde “A” toparçanyň wekilleri jemleýji üçünji tapgyryň duşuşyklaryny geçirdiler.

Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” topary Aşgabadyň “Köpetdag” toparyna garşy bolan oýunda 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy, Balkanabat şäheriniň “Nebitçi” topary bolsa Änewe wekilçilik edýän “Ahaldan” üstün çykdy. Oýun 2:1 hasaby bilen tamamlandy. Toplan 7 utugy bilen “Şagadam” birinji orny eýeledi we ýarymfinala çykdy. 4 utuk toplan “Ahal” topary hem ýarymfinala çykmagy başardy we “B” toparçada wagtyndan öň birinji orny eýelän “Arkadag” topary bilen duşuşar. “Şagadam” toparynyň garşydaşy 8-nji martda “B” toparçada geçirilen üçünji tapgyryň netijelerinden soň belli boldy.

Oýun gününiň birinji duşuşygynda «Arkadag» topary «Merwi» 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparyny (U20) 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden «Aşgabat» topary adyny ýarymfinala ýazdyrmagy başardy.

Şeýlelikde, “Şagadam” topary 10-njy martda geçiriljek ýarymfinalda «Aşgabat» topary bilen duşuşar. Ýaryşyň final duşuşygy 12-nji martda geçiriler.