GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
“Şagadam” we “Ahal” Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşda “A” toparçada öňe saýlandylar
06.03.2026

5-nji martda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň çäklerinde “A” toparçanyň toparlarynyň arasynda ikinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.

Birinji duşuşykda “Şagadam” “Nebitçi” toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. “Ahal” bolsa “Köpetdagdan” güýçli geldi. Oýun 2:0 hasap bilen tamamlandy. Şeýlelikde, “Şagadam” bilen “Ahal” toparlary toplan 4 utuklary bilen toparçada öňdäki orunlara geçmegi başardylar. Üç utugy bolan “Köpetdag” topary üçünji, “Nebitçi” bolsa dördünji orunlarda ornaşdylar.

6-njy martda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň “B” toparçasynda bäsleşýän toparlar ikinji tapgyryň duşuşyklaryny geçirerler: “Merw” “Aşgabat” topary bilen duşuşar, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U20) bolsa “Arkadag” toparynyň futbolçylary bilen oýnar.