Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» futbol topary düzümine täze goşulan hüjümçi Elman Tagaýewiň Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 2025-nji ýyldaky möwsüminde ýylyň iň gowy futbolçysy diýen baýraga mynasyp bolandygyny habar berdi.
36 ýaşly oýunçy geçen möwsümde «Ahal» futbol toparynyň düzüminde üstünlikli çykyş edip, liganyň iň gowy oýunçysy hökmünde ykrar edildi. Täze möwsümiň öňüsyrasynda bolsa ol Balkanabadyň «Nebitçi» toparynyň düzümine goşuldy.
Ýeri gelende ýatladyp geçsek, «Nebitçi» 2026-njy ýylyň möwsümine taýýarlyk döwründe düzüminde birnäçe üýtgeşmeleri amala aşyrdy. Topar «Ahaldan» goragçy Alibek Abdurahmanow, ýarym goragçy Gurban Annaýew hem-de hüjümçi Begenç Mämiýew, «Aşgabatdan» 26 ýaşly futbolçy Serdar Orazalyýew bilen şertnama baglaşdy. Şeýle-de topara goragçy Maksat Çagbalyýew gaýdyp geldi.







