GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň ilkinji güni tamamlandy
04.03.2026

3-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky oýunlara badalga berildi.

Ýaryşyň ilkinji gününde "А" toparçanyň toparlarynyň duşuşyklary boldy. Aşgabadyň "Köpetdag" topary Balkanabadyň "Nebitçi" toparyna garşy oýnap, ondan 1:0 hasaby bilen üstün çykmagy başardy. Beýleki duşuşykda “Ahal” (Ahal welaýatynyň Änew şäheri) we “Şagadam” (Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri) deňme-deň oýnadylar – 0:0.

Şu gün "B" toparçanyň toparlarynyň oýunlary geçiriler.

"A" toparça girýän toparlaryň indiki duşuşyklary 5-nji martda geçiriler. "Nebitçi" “Şagadama” garşy, "Köpetdag" bolsa “Ahala” garşy oýnar.