Aşgabatda dört sany duşuşyk bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky oýunlara badalga beriler.
Ýaryşa sekiz topar gatnaşýar: “Arkadag” (Arkadag şäheri), “Ahal” (Ahal welaýatynyň Änew şäheri), “Şagadam” (Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri), “Nebitçi” (Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri), “Merw” (Mary welaýatynyň Mary şäheri), “Aşgabat” (Aşgabat şäheri), “Köpetdag” (Aşgabat şäheri) hem-de 20 ýaşa çenli Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary. Ýaryşyň ýeňijisi 12-nji martda belli bolar.
Geçirilen bije çekişligiň netijesinde, “A” toparçada “Köpetdag”, “Ahal”, “Şagadam”, “Nebitçi” toparlary, “B” toparçada bolsa U-20, “Arkadag”, “Aşgabat” hem-de “Merw” toparlary bäsleşmäge mümkinçilik aldylar. Şu gün “Köpetdag” bilen “Nebitçi”; “Ahal” bilen “Şagadam”; “Arkadag” bilen “Aşgabat”, şeýle hem 20 ýaşa çenli Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary bilen “Merw” duşuşarlar.
Ýaryşyň ähli duşuşyklary paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki “Aşgabat” köpugurly stadionynyň merkezi meýdanynda geçiriler.
Çeşme: Türkmenistanyň Futbol federasiýasy







