GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
"Nebitçi" möwsüme ýeňişler bilen taýýarlanýar
10.02.2026

Balkanabadyň «Nebitçi» topary 2026-njy ýylyň möwsümine taýýarlyk çäginde Aşgabat şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Ýygnanyşygyň dowamynda topar birnäçe gözegçilik duşuşyklaryny geçirdi.

5-nji fewralda «Merw» bilen geçirilen ilkinji dostluk duşuşygynda «Nebitçi» 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Gollary Seýitmämmet Hojamämmedow hem-de Dädiş Şämiýew geçirdi, iki goluň hem asistini Muhammet Annaýew berdi.

8-nji fewralda bolsa topar ýerli «Aşgabat» bilen duşuşyp, bu gezek 3:0 hasabynda üstün çykdy. Bu oýunda Wezirgeldi Ylýasow, Baýram Nurlyýew we Elman Tagaýew tapawutlandy.

Täze möwsümiň öňüsyrasynda «Nebitçi» düzüminde hem düýpli üýtgeşmeleri amala aşyrdy. Resmi maglumatlara görä, topar hüjümçi Elman Tagaýew, goragçy Alibek Abdurahmanow, ýarymgoragçy Gurban Annaýew hem-de hüjümçi Begenç Mämiýew bilen şertnama baglaşdy. Olaryň hemmesi "Ahalda" çykyş edýärdiler. Şeýle-de goragçy Maksat Çagbalyýew topara gaýdyp geldi.