GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
"Nebitçi" futbol toparyna resmi taýdan 4 oýunçy goşuldy
27.01.2026

Balkanabadyň «Nebitçi» futbol topary täze möwsümiň öňüsyrasynda düzüminde uly üýtgeşmeleri amala aşyrdy. 
Resmi maglumatlara görä, «Nebitçi» «Ahaldan» dört futbolçy — 36 ýaşly hüjümçi Elman Tagaýew, 35 ýaşly goragçy Alibek Abdurahmanow, 30 ýaşly ýarymgoragçy Gurban Annaýew hem-de 21 ýaşly hüjümçi Begenç Mämiýew bilen şertnama baglaşdy. Tejribeli we milli ýygyndy derejesinde çykyş eden oýunçylaryň Balkanabada gelmegi toparyň täze möwsümde öňde goýýan maksatlarynyň ýokarydygyny görkezýär.

Elman Tagaýew futbol ýoluna «Aşgabat» toparyndan başlap, dürli ýyllarda «AZAL», «Altyn Asyr», «Sabail», «Ahal», «Andijon» hem-de «Nawbahor» ýaly toparlaryň düzüminde çykyş etdi. Ol «Ahal» bilen AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň 2025/26 möwsüminde 6 duşuşygyň hemmesinde doly oýnap, 2 gol we 2 asist bilen tapawutlandy. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Elman Tagaýew 20 duşuşyk geçirip, 4 gol geçirdi.

Alibek Abdurahmanow futbol ýoluna «Balkan» toparynda başlap, dürli ýyllarda «Ahal», «Mary Energetik», «Merw» hem-de «Nebitçi» toparlarynda çykyş etdi. Goragçy «Ahal» bilen AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň 2025/26 möwsüminde 6 duşuşygyň hemmesinde doly oýnady we 1 asist etdi. Ol milli ýygyndy derejesinde 5 duşuşyk geçirdi.

Gurban Annaýew hem «Balkan» futbol toparynda futbol ýoluna başlap, soňra «Ahalyň» düzüminde çykyş etdi. Ýarymgoragçy AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň soňky möwsüminde 4 duşuşykda meýdança çykdy we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 3 duşuşyk geçirdi.

Begenç Mämiýew bolsa futbol ýoluna «Aşgabat» toparynda başlap, soňra «Ahalyň» düzüminde çykyş etdi. Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli milli ýygyndysynyň düzüminde ol 3 duşuşyk geçirdi.

Şeýle-de, goragçy Çagbalyýew Maksat ýene-de «Nebitçiniň» düzümine gaýdyp geldi.