2026-njy ýylyň futbol möwsüminde «Ahal» toparynyň düzümine ýene iki sany oýunçy goşular. Olar «Aşgabat» klubundan Azat Annaýew we Meýlis Gaýlyýew.
Häzirki wagtda bu transferler klublar tarapyndan heniz resmi taýdan tassyklanmady.
Ýatladyp geçsek, "Ahal" futbol topary täze möwsümiň öňüsyrasynda öz düzümine birnäçe oýunçyny goşdy. Has takygy, "Şagadamdan" derwezeban Öwezow Muhammet, goragçylar Priýew Ruslan, Bekmyradow Şazada we Jumadurdyýew Aşyr, şeýle hem "Arkadag" futbol toparyndan Esenow Muhammet toparyň täze oýunçylary boldy.
Mundan başga-da, «Ahaldan» Balkanabadyň «Nebitçi» futbol toparyna Elman Tagaýew, Alibek Abdurahmanow, Gurban Annaýew hem-de Begenç Mämiýew dagynyň geçendigi barada maglumatlar bar.
Şol bir wagtyň özünde, fiziki taýýarlyk boýunça tälimçi Azat Allaberdiýew «Ahal» bilen hoşlaşdy.







