GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Nebitçi» täze futbol möwsüminiň öňüsyrasynda kuwwatyny artdyrýar
23.01.2026

Täze möwsümiň öňüsyrasynda Balkanabadyň «Nebitçi» futbol topary öz düzümini güýçlendirýär. Topar Elman Tagaýew, Alibek Abdurahmanow, Gurban Annaýew we Begenç Mämiýew bilen şertnama baglaşdy. Tejribeli we milli ýygyndy derejesinde çykyş eden futbolçylaryň düzümine goşulmagy toparyň täze möwsümde öňde goýýan maksatlarynyň ýokarydygyny görkezýär.

Futbolçylaryň dördüsi hem «Nebitçi» futbol toparyna «Ahaldan» geçdiler.
36 ýaşly hüjümçi Elman Tagaýew türkmen futbolynyň iň tejribeli futbolçylarynyň biridir. "Transfermarkt" portalyndaky maglumatlara görä, onuň häzirki bazar bahasy 50 müň ýewro diýlip baha berilýär. Ol «Ahal» bilen AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň 2025/26 möwsüminde geçiren 6 duşuşygynyň hemmesinde doly oýnap, 2 gol we 2 asist bilen tapawutlandy. Elman Tagaýew futbol ýoluna «Aşgabat» klubunda başlap, soň Azerbaýjanyň «AZAL», ýene «Aşgabat», «Altyn Asyr», Özbegistanyň «Andijon», ýene «Altyn Asyr», Azerbaýjanyň «Sabail», «Ahal», Özbegistanyň «Nawbahor» klublarynyň düzüminde çykyş etdi we soň ýene «Ahalyň» düzüminde oýnady. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 20 duşuşyk geçirip, 4 gol geçirdi.
35 ýaşly goragçy Alibek Abdurahmanow hem «Nebitçiniň» möhüm transferleriniň biri boldy. Onuň "Transfermarkt" boýunça bazar bahasy 25 müň ýewro diýlip görkezilýär. Alibek «Ahal» bilen AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň 2025/26 möwsüminde 6 duşuşygyň hemmesinde doly oýnady we 1 asist etdi. Futbol ýoluna «Balkan» klubunda başlan Abdurahmanow dürli ýyllarda «Ahal», «Mary Energetik», «Merw», «Nebitçi», ýene «Merw» klublarynda çykyş edip, soň «Ahalyň» düzümine dolanypdy. Ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 5 duşuşyk geçirdi.
30 ýaşly ýarymgoragçy Gurban Annaýew hem «Ahaldan» «Nebitçä» gelen futbolçylaryň biridir. "Transfermarkt" portalynyň maglumatlaryna görä, onuň bazar bahasy 50 müň ýewro diýlip baha berilýär. Annaýew «Ahal» bilen AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň 2025/26 möwsüminde 4 duşuşykda meýdança çykdy. Futbol ýoluna «Balkan» klubunda başlan Gurban Annaýew Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde hem 3 duşuşykda çykyş etdi.
21 ýaşly hüjümçi Begenç Mämiýew «Nebitçiniň» geljege gönükdirilen transferleriniň biri hökmünde görülýär. Ol futbol ýoluna «Aşgabat» klubunda başlap, soň «Ahal» toparynyň düzüminde çykyş etdi. Begenç Mämiýew Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli milli ýygyndysynyň düzüminde 3 duşuşykda meýdança çykdy.

Bu transferler entek resmi taýdan tassyklanmady.