GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 137-nji orny saklady
21.01.2026

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Halkara Futbol federasiýasynyň täzelenen reýtinginde öňki 137-nji ornuny saklady. Bu 2026-njy ýylda FIFA reýtinginiň ilkinji täzelenmesi boldy.

Türkmen ýygyndysy 136-njy orny eýeleýän Filippinleriň we 138-nji orundaky Merkezi Afrika Respublikasynyň toparlarynyň arasynda ýerleşdi.

Dünýä reýtinginiň ilkinji onlugynda üýtgeşmeler bolup geçdi. Hususan-da, Marokkonyň milli ýygyndysy 11-nji orundan 8-nji orna çykdy we dünýäniň iň güýçli toparlarynyň onlugyna girdi. Afrika Kubogynyň ýeňijisi bolan Senegal 7 orun öňe süýşüp, 12-nji orna çykmagy başardy.

FIFA reýtinginiň öňdebaryjylarynyň hatarynda Ispaniýanyň, Argentinanyň, Fransiýanyň, Angliýanyň, Braziliýanyň, Portugaliýanyň, Niderlandlaryň, Marokkonyň, Belgiýanyň we Germaniýanyň ýygyndylary bar.

Aziýa zolagynda ilkinji onluga Ýaponiýanyň, Eýranyň we Koreýa Respublikasynyň toparlary girýär. Şeýle hem AFK-nyň ilkinji onlugyna Awstraliýa, Özbegistan, Katar, Yrak, Saud Arabystany, Iordaniýa we BAE girýär.

FIFA reýtinginiň indiki täzelenmesiniň 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde bolmagy meýilleşdirilýär.