GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy geçen möwsümiň jemlerini jemläp, geljek möwsümiň ugurlaryny kesgitledi
19.01.2026

Paýtagtymyz Aşgabatdaky “Köpetdag” stadionynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda iş maslahaty geçirildi. Maslahatda geçen futbol möwsüminiň jemleri jemlenilip, geljek möwsümde alnyp barylmaly işleriň esasy ugurlary kesgitlenildi. Duşuşyga Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleri gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň degişli hünärmenleri tarapyndan geçen möwsümde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça taýýarlanan giňişleýin hasabat diňlenildi. Şeýle-de alnyp barlan işlere seljerme berlip, gazanylan üstünlikler hem-de ýüzbe-ýüz gelnen meseleler boýunça pikir alşyldy.

Maslahatda täze möwsümde Ýokary liganyň hem-de ýaşlar toparlarynyň duşuşyklarynyň senenamasynyň doly we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, dürli ugurlarda meýilleşdirilýän bäsleşikleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, futbol klublaryndan gelip gowşan teklipler we pikirler giňişleýin seljerilip, geljek möwsümde milli futboly ösdürmäge gönükdirilen anyk wezipeler kesgitlenildi.