Türkmenistanyň futbol çempionatynyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda “Ahal” topary ikinji orny eýelemegi başardy. 27-nji tapgyryň çäginde Mary şäherinde ýerli “Merw” topary bilen geçiren duşuşygyny 2:0 hasabynda öz peýdasyna tamamlan “Ahal” topary üçünji orny eýeleýän “Altyn Asyr” bilen 5 utuk aratapawudyny saklap galdy.
Bu tapgyryň çäginde Türkmenbaşy şäherinde ýerli “Şagadam” bilen duşuşan “Altyn Asyr” topary hem ýeňiş gazandy. Paýtagtymyzyň topary garşydaşyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy. Türkmenistanyň futbol çempionatyny wagtyndan öň ýeňiş bilen tamamlan “Arkadag” topary mthmançylykda “Aşgabat” topary bilen geçiren duşuşygynda 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Balkanabatda geçirilen duşuşykda ýerli “Nebitçi” paýtagtymyzyň “Köpetdagyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň ýaryş tertibiniň üç ornuny eýelän toparlar hem belli boldy. Birinji orny 81 utuk toplan “Arkadag” topary eýelän bolsa, onda ikinji, üçünji orunlarda “Ahal” (55 utuk) bilen “Altyn Asyr” (50 utuk) toparlary ornaşdylar.







