Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medallary ugrundaky bäsleşikde «Ahal» futbol topary möhüm ýeňiş gazanyp, 26-njy tapgyryň jemleýji duşuşygynda Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirildi.
Milli birinjiligiň häzirki tapgyrynda iki topar hem medallar ugrunda bäsleşýär: «Ahal» kümüşe, «Şagadam» bolsa bürünç medal ugrunda jan edýär.
Bu ýeňişden soň «Ahal» futbol topary 46 utuk bilen ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna çykdy we yzyna düşüp gelýän «Altyn asyr» topardan 2 utuk öňe saýlandy. «Şagadam» topary bolsa 40 utuk bilen dördünji orunda galdy. Şol bir wagtyň özünde, deňizýakalylaryň 2 oýun artyk geçirendigi olaryň bürünç medala bolan mümkinçiliklerini peseldýär.







