Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 24-nji tapgyrynyň çäklerinde Balkanabatdaky «Sport toplumy» stadionynda Türkmenbaşynyň «Şagadam» futbol topary bilen Balkanabadyň «Nebitçi» topary deňme-deň oýnadylar – 0:0. «Şagadam» üçin bu iki utugyň ýitirilmegi baýrakly orunlar ugrundaky göreşde aýgytly boldy.
Bu, toparlaryň häzirki çempionatdaky dördünji duşuşygydy we ol öňki üç duşuşyk ýaly (1:0 hasabynda «Şagadam» toparyň ýeňşi we iki deňlik 0:0 hem-de 1:1) ýene-de dartgynly göreşde geçdi.
Deňlik netijesinde «Şagadam» (40 utuk) ikinji basgançagy ýekelikde eýeläp bilmän, ony «Altyn asyr» (40 utuk) bilen paýlaşdy. Şol bir wagtda Aragatnaşyk ministrliginiň toparynyň bir oýny az.







