Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
«Arkadag» möhletinden öň yzly-yzyna üçünji gezek Türkmenistanyň futbol çempiony diýen ady gazandy
29.10.2025

«Arkadag» futbol topary möhletinden öň Türkmenistanyň çempiony bolup, liderlik derejesini nobatdaky gezek tassyklady. Arkadag şäheriniň "Arkadag" topary 2025-nji ýylyň möwsüminiň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda milli çempionatyň altyn medallaryny gazandy.

Çempionlyk adyny resmi taýdan gazanmak üçin 23-nji tapgyrda myhmançylykda «Ahal» bilen geçirilen duşuşyk möhüm ähmiýete eýe boldy. Oýun lideriň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeke-täk pökgini 68-nji minutda hüjümçi Didar Durdyýew geçirdi.

Bu «Arkadag» topary üçin yzly-yzyna üçünji çempionlykdyr. 2023-nji ýylyň möwsüminiň başlamagynyň öňüsyrasynda döredilen topar, ilkinji çykyşyndan bäri Türkmenistanyň Ýokary ligasynda birinjiligi elden bermän, 2023-nji we 2024-nji ýyllarda hem bu ady gazanypdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň halkara habarlar portaly