Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler
24.09.2025

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan guralýan ýurdumyzyň futbol boýunça Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, bu duşuşykda 2024-nji ýylda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň hem-de Kubok bäsleşiginiň ýeňijisi bolan “Arkadag” topary bilen geçen möwsüm Kubok bäsleşiginiň finalynda çykyş eden “Ahal” toparlary duşuşarlar.

Aşgabat şäherindäki “Nusaý” stadionynda 25-nji sentýabrda geçiriljek bu duşuşyk 16:00-da başlanar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan guralýan Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşygyň 2005-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýändigini ýatladýarys.

 

Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk:

25.09.2025 ý. (penşenbe)

“Arkadag” – “Ahal”

Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: Ahmet Begnazarow (Mary ş.)

Kömekçi eminler: Aýmyrat Weliýew (Änew ş.), Hemra Amanmämmedow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Hanmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Kakabaý Seýdow (Aşgabat ş.)

Çeşme: Türkmenistan Futbol Federasiýasynyň web sahypasy