Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
«Arkadag» toparynyň futbolçylary «Merw» toparyndan üstün çykdy
16.09.2025

«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň açylyş duşuşygynda Marynyň «Merw» toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk Mary şäheriniň «Merw» stadionynda geçirildi.

Garşydaşlar şu möwsümde bu duşuşykdan owal eýýäm iki gezek duşuşypdylar. Birinji aýlawda «Arkadag» topary öz meýdançasynda 7:0, ikinji aýlawda bolsa myhmançylykda 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Bu ýeňiş «Arkadag» topary üçin yzygiderli 20-nji ýeňiş boldy, ol 60 utuk bilen çempionatda öňdeligi saklaýar. Ikinji orny eýeleýän «Ahal» topary 28 utuk yza galýar, ýöne olar dört oýun az oýnady. Üçünji orny 30 utuk bilen «Altyn asyr» eýeleýär.

«Merw» topary bilen myhmançylykda geçen bu duşuşyk «Arkadag» toparynyň 17-nji sentýabrda AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň birinji toparçalaýyn tapgyrynyň çäginde Özbegistanyň «Andijon» toparyna garşy öz meýdançasynda geçiriljek duşuşygyň öňýanynda iň soňky taýýarlyk boldy.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti