
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň futbolçylary Iordaniýanyň paýtagty Amman şäherinde geçirilýän 2026-njy ýylda 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda ikinji ýeňşini gazandy.
Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyna garşy duşuşygynda 5:1 hasabynda gazanan ilkinji uly ýeňşinden soň Ahmet Agamyradowyň şägirtleri Butanyň ýygyndysyndan 2:0 hasabynda üstün çykdylar. Şeýle-de bolsa, toparyň birinji orny üçin aýgytly oýunda Türkmenistan topary ýaryşyň ýer eýesi Iordaniýadan 2:1 hasabynda utuldy. Türkmenistan üçin ýeke-täk pökgi 90 + 4 minutda Magtymberdi Berenow tora girizdi.
Aziýa Kubogy – 2026-nyň saýlama tapgyrynda ýaşlar ýygyndysynyň 44-si toparçalaryň 11-sinde bäsleşýärler. Toparlaryň ýeňijileri, şeýle hem ikinji orny eýelänleriň arasynda iň oňat ýygyndylaryň dördüsi, 2026-njy ýylyň 7 – 25-nji ýanwary aralygynda ilkinji gezek Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk alarlar. Saud Arabystanynyň ýaşlar topary ýer eýesi hökmünde ýaryşyň soňky tapgyryna gatnaşmaga gönüden-göni hukuk aldy.