
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary futbol boýunça 2026-njy ýylyň 7-25-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň (U23) saýlama tapgyrynda çykyş eder.
Geçirilen bijä laýyklykda, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy «A» toparçada Iordaniýanyň, Hytaý Taýpeýiniň hem-de Butanyň ýygyndylary bilen yklym birinjiliginiň ýollanmasy ugrunda bäsleşmäge mümkinçilik aldy. Ýygyndy toparymyz saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny 3-nji sentýabrda Hytaý Taýpeýiň ýygyndysynyň garşysyna geçirer. 6-njy sentýabrda ikinji tapgyryň çäginde geçiriljek duşuşykda Butan bilen güýç synanyşjak ýygyndy toparymyzyň soňky garşydaşy Iordaniýanyň ýaşlar ýygyndysy bolar. Toparçanyň jemleýji duşuşygy 9-njy sentýabrda geçiriler. Ýeri gelende bellesek, “A” toparçasynyň duşuşyklary şu ýylyň 3–9-njy sentýabry aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýada geçiriler.
Aziýa Kubogy-2026-nyň saýlama tapgyryna 44 döwlete wekilçilik edýän ýaşlar ýygyndylary toparçalaryň 11-sinde bäsleşerler. Geçiriljek duşuşyklaryň netijesinde toparçalarda birinji orunlary eýelänler bilen birlikde iň gowy netije görkezen ikinji orunlary eýelän ýygyndylaryň 4-si hem-de ýer eýesi bolan Saud Arabystanynyň ýygyndy toparlary Yklym ýaryşynyň final tapgyrynda çykyş ederler.
Saýlama tapgyrynda “A” toparçada geçiriljek duşuşyklaryň senenamasy:
1-nji tapgyr (03.09.2025 ý.):
Türkmenistan -Hytaý Taýpeýi
Iordaniýa – Butan
2-nji tapgyr (06.09.2025ý.):
Butan -Türkmenistan
Hytaý Taýpeýi –Iordaniýa
3-nji tapgyr (09.09.2025 ý.):
Hytaý Taýpeýi - Butan
Iordaniýa – Türkmenistan
Çeşmesi: Türkmenistanyň Futbol federasiýasy