Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
"Ahal" Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda "Arkadag" bilen duşuşar
22.07.2025

Türkmenistanyň futbol muşdaklary möwsümiň iň köp garaşylýan oýunlarynyň birine taýýarlanýar: Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk26-njy sentýabrda geçiriler. Onda ýurdumyzyň öňdebaryjy iki topary: häzirki çempion we kubogyň eýesi "Arkadag" we geçen möwsümiň kubogynyň finalçysy "Ahal" çykyş eder. Bu oýnuň geçiriljek ýeri soň yglan ediler.

Ahal üçin ýetip gelýän oýun diňe bir kubok üçin nobatdaky oýun däl, eýsem geçen ýylky ýeňlişinden soň ýagdaýyny düzetmäge mümkinçilikdir. Geçen möwsüm Naýbaşy kubok ugrunda bäsleşen toparlaryň duşuşygynda "Arkadag" "Ahaldan" 3:1 hasabynda üstün çykyp, has güýçli bolandygyny ýatladýarys. Indi “Ahal” oýunçylarynyň güýjüni görkezmek we täze futbol möwsüminde möhüm başlangyç boljak abraýly kubok ugrunda göreşmek mümkinçiligi bar.

Çeşmesi: Türkmenistanyň futbol federasiýasy