Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawy 3-nji awgustda başlanar
21.07.2025

3-nji awgustda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna badalga berler. Şol gün 20-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda “Arkadag” – “Aşgabat” toparlary duşuşar.

Üçünji aýlawyň ilkinji tapgyry bolan 15-nji tapgyryň duşuşyklary 7-nji hem-de 8-nji awgustda geçiriler.

Çempionatymyzyň iki aýlawynyň jemi boýunça 42 utuk toplan “Arkadag” toparynyň ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýändigini ýatladýarys. 28 utuk toplan “Ahal” ikinji, 25 utukdan toplan “Altyn Asyr” bilen “Şagadam” toparlary üçünji, dördünji orunlarda ornaşdylar.

Dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisi (“Arkadag” – Arkadag şäheri, “Altyn Asyr”, “Aşgabat”, “Köpetdag” – hemmesi Aşgabat şäheri, “Ahal” – Ahal welaýatynyň Änew şäheri, “Şagadam” – Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri, “Nebitçi” – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri, “Merw” – Mary welaýatynyň Mary şäheri) çykyş edýär.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň jemleýji, dördünji aýlawynyň duşuşyklarynyň geçiriljek wagtlary soň belli ediler.

Çeşmesi: Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy