
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýurdumyzyň futbol çempionatynyň, kubok ugrundaky bäsleşigiň hem-de ýaşlar ligasynyň duşuşyklaryna komissarlyk etmäge mümkinçilik berýän okuw-maslahatyny geçirýär.
“Aşgabat” köpugurly stadionynyň mejlisler zalynda geçirilýän okuw-maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar oýun wagty duşuşygyň komissarynyň ýerine ýetirmeli wezipeleri bilen içgin tanyşýarlar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilýän okuw-maslahatyna, şeýle-de ýurdumyzyň futbol toparlarynyň wekilleriniň hem gatnaşýandygyny bellemek gerek.
Şu gün tamamlanýan okuw-maslahatyny netijeli tamamlan gatnaşyjylara Türkmenistanyň futbol çempionatynyň, Kubok bäsleşiginiň hem-de ýaşlar ligasynyň duşuşyklarynda komissarlyk etmäge mümkinçilik berýän sertifikatlar gowşurylar.
Çeşmesi: Türkmenistanyň Futbol federasiýasy