Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
“Ahal” FK-nyň düzümine bäş täze oýunçy goşuldy
15.07.2025

Türkmenistanyň futbol äleminde täze möwsüm öňüsyrasy güýçli täzelikler bilen dowam edýär. Ýurduň öňdebaryjy klublarynyň biri bolan “Ahal” futbol topary düzümine birnäçe tejribeli futbolçyny goşmak arkaly täze tapgyra taýýar.

Iýul aýynyň başynda “Ahalyň" düzümine Oraz Orazow (“Altyn asyr”), Enwer Annaýew (“Arkadag”), Süleýman Mirzoýew (“Şagadam”), Gurbanmyrat Garaýew (“Arkadag”) we Beýşim Gurbanberdiýew (“Aşgabat”) goşuldylar.

Täze futbolçylaryň gelmegi bilen, “Ahal” toparynyň hüjüm we gorag liniýalary has-da güýçlendi. Ýokary ligadaky çynlakaý bäsdeşlikler öňüsyrasy, bu transferler toparyň strategiýasyny täze derejä çykarmakda möhüm ädim hökmünde baha berilýär.

Çeşmesi: "Ahal" FK-nyň sosial torlaryndaky sahypasy