Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
TFF-niň hem-de Ýokary liga futbol toparlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi
14.07.2025

Türkmenistanyň futbol federasiýasy ýakynda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” köpugurly stadionynyň mejlisler zalynda Ýokary liga futbol klublarynyň ýolbaşçylary we baş tälimçileri bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda TFF-niň şu ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda ýaryşlary guramak we geçirmek, eminler, klublary ygtyýarlandyrmak hem-de tehniki bölümi tarapyndan geçirilen işler barada hasabat berildi. Mundan başgada, möwsümiň ikinji ýarymynda eminleriň we tälimçileriň okuw maslahatlaryny geçirmek, Türkmenistanyň çempionatynyň we ýaşlar toparlaryň arasyndaky Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamalary boýunça hem-de toparlardan gelip gowşan teklipleri durmuşa geçirmek barada pikir alşyldy.

Çeşmesi: Türkmenistanyň futbol federasiýasy