
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy şu ýylyň 16-njy iýulynda AFK-nyň Ygtyýarlandyrma CLAS ulgamy hem-de häzirki futbolda wajyp bolan çagalaryň hukuklaryny goramak baradaky syýasaty bilen bagly okuw-maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär.
TFF-niň hünärmenleri tarapyndan geçiriljek okuw-maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar AFK-nyň Ygtyýarlandyrma CLAS ulgamy barada, onuň işleýiş düzgüni, bildirilýän talaplary, şeýle-de, şol ulgamyň çäginde bar bolan futbolda çagalaryň hukuklaryny goramak baradaky talaplary bilen bagly sowallaryna jogap tapmaga mümkinçilik alarlar.
Çeşmesi: Türkmenistanyň Futbol federasiýasy