
3-nji iýulda geçirilen bije çekişligiň netijesinde, Türkmenistanyň milli ýygyndy topary “CAFA Nations Cup-2025” halkara ýaryşynyň “A” toparçasyna düşdi. Toparçada milli ýygyndymyz Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Omanyň ýygyndylary bilen bäsleşer.
“B” toparçada Täjigistan, Eýran, Owganystan we Malaýziýa güýç synanyşar.
Halkara ýaryş şu ýylyň 29-njy awgustyndan 8-nji sentýabry aralygynda Özbegistanyň Daşkent we Täjigistanyň Duşenbe şäherlerinde geçiriler. “A” toparçanyň duşuşyklary Daşkentde, “B” toparçanyň duşuşyklary bolsa Duşenbede geçiriler.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy ilkinji duşuşygyny 30-njy awgustda Gyrgyzystanyň garşysyna geçirer. 2-nji sentýabrda Özbegistan bilen duşuşar, 5-nji sentýabrda bolsa Omana garşy oýnar.
Ýaryşyň düzgünine görä, toparçalaryň ýeňijileri finalda duşuşar, ikinji orun eýelänler bolsa üçünji orun ugrunda bäsleşer. Final duşuşyklary 8-nji sentýabrda geçiriler.
Çeşmesi: Türkmenistanyň Futbol federasiýasy