Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
"Ahal" topary ikinji orny eýeläp, ýurdumyzyň çempionatynyň dowamynda durnukly netijeler bilen tapawutlanýar
02.07.2025

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji aýlawy tamamlandy. Şeýle-de bolsa, bu döwürde özüne çekiji üstünlikleri bilen tapawutlanan toparlaryň biri-de “Ahal” topary boldy. Iki aýlawyň jemi boýunça “Ahal” 28 utuk toplap, ikinji orny eýeledi. Bu bolsa toparyň çempionlyk ugrunda çynlakaý garşydaş bolup durýandygyny görkezýär.

Soňky duşuşykda “Arkadag” topary paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” toparyny 7:3 hasabynda ýeňip, umumy utuk sanyny 42-e ýetirdi. Şeýlelikde, “Arkadag” häzirki wagtda çempionatyň lideri bolup galýar.

Emma “Ahalyň” çykyşyndaky yzygiderlilik we çydamlylyk toparyň ýene-de öňe saýlanmagyna mümkinçilik döredýär. Çempionatyň indiki – üçünji aýlawy awgustda başlanar we futbol janköýerleri nobatdaky gyzykly duşuşyklary sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Çeşmesi: Türkmenistanyň Futbol federasiýasy