«Mitro International Limited» kompaniýasy 2000 ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda, hususan-da nebitgaz känleriniň gözleg, agtaryş we işläp taýýarlaýyş çygrynda maýa goýmak maksady bilen döredildi.
2000-nji ýylyň iyun aýynda, "Hazar" Şertnamalaryň Çägini - Gündogar Çeleken Känini işläp taýýarlamak babatynda Önümi Paýlaşmak hakynda Şertnama gol çekildi.
2001-nji ýylda «Mitro International Limited» kompaniýasy "Hazar" ÖPŞ Önümi Paýlaşmak hakynda Şertnama) taslamasynyň doly hukukly gatnaşyjysy boldy we şol pursatdan Gündogar Çeleken Känini özleşdirmek we işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistanda öz işini üstünlikli amala aşyrýar.
ÖPŞ Önümi Paýlaşmak hakynda Şertnama) taslamasy, 20 ýylyň dowamynda, daşary yurtly maýa goýumçylary gatnaşdyrmak bilen, Türkmenistanda amala aşyrylýan iň üstünlikli nebitgaz taslamalarynyň biri bolup durýar. Käni işläp taýýarlamagyň uly möhledine garamazdan, serişde binýadyny ösdürmek we nebit çykarylmagyny artdymak üçin taslamanyň goşmaça ileri tutulýan ugurlary bardyr.
"Hazar" Konsorsiumyň üstünlikleri, 2020-nji ýyla çenli taslamanyň Operatory bolan, "Türkmennebit" Döwlet Konserniniň 70 ýyllyk tejribesine hem-de käni özleşdirmegiň tehniki strategiýasyny işläp taýýarlamaga isjeň gatnaşýan, «Mitro International Limited» Kompaniýasynyň maýa goýum mümkinçiliklerine esaslanýar.
"Hazar" Şertnamalaýyn çäkde nebit işleriniň önümçiligine jogapkär, bilelikdäki dolandyryş topary, taslama gatnaşýan inženerçilik we tehniki işgärleri, dünýä standartlary derejesinde ähli zerur enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edýär.
Taslamanyň dessin dolandyrylyşy üçin, "Hazar" Konsorsiumy tarapyndan, göniden-göni "Gündogar Çeleken" Käninin çäginde ýerleşýän, yörite nebitgaz çykaryş müdirligi (NGÇM) döredilen, häzirki wagtda "Hazar' ÖPŞ-yň (Önümi Paýlaşmak hakynda Şertnamanyň) Operatorynyň wezipelerini "NaPeCo" kompaniýasy ýerine ýetirýär.
«Mitro International Limited» Kompaniýasynyň tehniki topary, käniň özleşdirilmegi bilen bagly bolan, ähli tehniki maksatnamalaryň işläp taýýarlanylmagyna gatnaşmak bilen, Operatoryň ýolbaşçylygy we hünärmenleri bile hemişe gatnaşykda işleýär, önümçilik gatnaşyklary "Hazar" Konsorsiumyň hünärmenleri arasynda hemişelik esasda amala aşyrylýar.
Taslamanyň hereket edýän döwründe, Gündogar Çeleken käninde çykarylýan önümleri çykarmak, ýygnamak, taýýarlamak we ýüklenýän nokadyna çenli daşamak üçin özbaşdak, wezipeleýin infrastrukturany taslama işleri geçirildi we guruldy.
Balkanabat şäherinde, Kompaniýanyň, Operatoryň we çagyrylan guramalaryň we gulluklaryň hünärmenleriniň iş saparlarynyň dowamynda işleyan we ýaşaýan, rahat we döwrebap "Hazar" Konsorsiumynyň Ofis-Myhmanhana Toplumy guruldy we işleýär.
«Mitro International Limited» Kompaniýasy, Continental Industrial Supply, Schlumberger, Vetco Gray, Weatherford, Baker Hughes ýaly hyzmat ediş kompaniyalaryň ençemesi bilen, üstünlikli hyzmatdaşlyk tejribesi bar, şeýle hem häzirki taslamanyň çäklerinde ýokary hill hyzmatlary berýän we nebit senagatynyň hyzmat işleriniň aýratyn görnüslerini ýerine ýetirýän Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň guramalarynyň ençemesiniň hyzmatlaryndan hemişe peýdalanýar.
Netijede käbir hakykatlar:
Taslamanyň başlangyjyndan 844 mln. ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýuldy.
Çig nebiti çykarmagyň ýygnalan göwrümi 6 242 000 tonnadan gowrak.
Döwletiň paýy 3 000 000 tonnadan ybarat boldy.
170-den gowrak täze guýular burawlandy, şonuň bilen birlikde ulanylyş gaznasy bar bolan guýulardan 80% göterimden gowrak ybarat bolup durýar.
"Gündogar Çeleken" Käninde her ýylda, Düýpli Abatlaýyş Işleriniň 30-dan gowrak amallary geçirilýär, guýulary swabirlemek üçin Desgalar, SKT-yň (Sorujy Kompressor Turbalaryň) liftlaryndan parafini aýyrmak tehnologiýasy, Azot desgasy we MSKT Desgasy (Coiled Tubing) giňden ulanylýar.
Gündogar Çeleken Käninde nebit çykarylyşyny güýçlendirmek üçin, has giňden ulanylyşy tapylýan, Elektriki Hereketlendirijili Merkezden Gaçyş Sorujylaryň we Ştangaly Çuňluk Sorujylarynyň Desgalarynyň kömegi bilen, mehanizirlenen ulanylyş usullary ulanylýar.
Aşaky gyzyl reňkli gatlaklardan nebit çykarylyşy ýokarlandyrmak maksady bilen, EHMGSD-yň (Elektriki Hereketlendirijili Merkezden Gaçyş Sorujylaryň Desgasynyň) kömegi bilen GGÝ (gatlagy gidrawliki ýarmak) geçirilmegi meýilleşdirilyär.
Email: asbmitro@mitromos.com
Phone: +99312443300
Fax: +99312443301