«Hazar» konsorsiumy Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy (NaPeCo) we «Mitro International Limited» kompaniýasyndan ybarat bolup, «Hazar» şertnamalaýyn çägi («Gündogar Çeleken» ýatagy) babatynda Önümi paýlaşmak Ylalaşygynyň şertlerine laýyklykda öz işini alyp barýar.
2000-nji ýylda esaslandyrylan «Mitro International Limited» kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary goýmakda ýöriteleşýär.
2000-nji ýylda kompaniýa «Hazar» Önümi paýlaşmak Ylalaşygy taslamasynyň doly hukukly agzasy bolup, şol wagtdan bäri Türkmenistanyň çäginde «Gündogar Çeleken» ýatagyny özleşdirmek we ösdürmek boýunça üstünlikli iş alyp barýar.
«Mitro International Limited» kompaniýasy ýataklary özleşdirmekde uzakmöhletleýin çemeleşmäni ulanýar, bu bolsa geologik we dinamiki modellere, şeýle-de ýataklary we guýulary öwrenmegiň häzirki zaman usullaryna esaslanýar.
«Gündogar Çeleken» ýatagyndaky taslamanyň ösüşi döwründe 70-den gowrak çuň guýular, şol sanda gorizontal guýular guruldy.
«Mitro International Limited» kompaniýasynyň akymy güýçlendirmegiň dürli tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ýerine ýetirilen jemi we kapital abatlaýyş programmalaryny taýýarlamakda we geçirmekde tejribesi bardyr. Mundan başga-da, kompaniýanyň suw izolýasiýasy, plast we kolonna arasyndaky akymlaryň aradan aýrylmagy, çeýe nasos-kompressor turba we azot gurallaryny ulanmak arkaly guýulary özleşdirmek işlerinde tejribesi bardyr.