Eni, Burren Energy Plc kompaniýasyny satyn alandan soň, 2008-nji ýyldan bäri kenar ýakasyndaky Nebit Dag blogynda gözleg we önümçilik işlerini alyp barýar. 1996-njy ýylda Önümi Paýlaşmak hakynda Şertnama baglaşyldy
we 2014-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabatda (Türkmenistan) günbatarda ýerleşýän Nebit Dag çägi bilen baglanyşykly Önümi Paýlaşmak hakynda Şertnamasyna (ÖPŞ) Goşundy baglaşyldy.
Goşundy ÖPŞ-nyň dowamlylygyny 2032-nji ýylyň fewralyna çenli uzaldyp, bu şertnama Burun we Nebitdag blogunyň beýleki hemra meýdanlarynda has köp maýa goýumlaryny üpjün eder.
Bu strategiki şertnamalar, Eni kompaniýasynyň 2008-nji ýylda işe başlan we ýokary geologiki gözleg potensiýaly bolan Türkmenistandaky barlygyny güýçlendirýär we Eni kompaniýasynyň milli häkimiýetler we “Türkmennebit” döwlet konserni bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär.
Eni Türkmenistan Saglygy, Howpsuzlygy we Daşky gurşawy ileri tutýar we iň ýokary Saglygy, Howpsuzlygy we Daşky gurşawy goramak standartlaryna laýykdyr. 2018-nji ýylda Eni Türkmenistan “ýangyn ýoklugyny” gazandy we Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijesinde atmosfera düşýän zyňyndylarynyň we parnik gazlarynyň umumy täsirini azaltmak üçin mundan beýläkki çäreleri meýilleşdirilýär we dowam etdirýär.
Kompaniýa ýerli harytlary ulanmakda we ýerli işgärleriň hyzmatynyň ösüşini öňe sürýär, “Eni Türkmenistan” –da 1000-den gowrak işgär bolup, olaryň 95%-i ýerli işgärlerdir, we ol Balkan welaýatynyň iň iri iş berijileriniň biridir.
Kompaniýa, beýleki başlangyçlar bilen bir hatarda türkmen işgärleri üçin giňden okuw işlerini geçirýär, her ýyl Italiýada ýokary bilim almak üçin türkmen talyplaryny saýlaýar.
Eni Türkmenistan, Eni toparynyň nou-hau, barlagyny we tehnologiýasyny Türkmenistana getirýär. Eni, hemmeler üçin uzak möhletli abadançylyk getirip, işleýän ýurtlary we jemgyýetleri bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ynanýar.
Resmi websaýty: www.eni.com