Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
SINOPEC

Hytaýyň Nebithimiýa Korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara Nebit Hyzmatlar Kompanýasynyň (SINOPEC) Türkmenistandaky şahamçasy, Hytaýyň Nebithimiýa Korporasiýasynyň (SINOPEC) (HHR) garamagyndaky Halkara Nebit Hyzmat Kompaniýasynyň bölümçesi bolup, bu daşary ýurtdaky nebit-gaz injenerçilik hyzmatlary bazaryny ösdürmek we giňeltmek üçin ýörite döredilen we Hytaý Nebithimiýa Korporasiýasynyň (SINOPEC) (HHR) eýeçiligine degişli bolup durýar.  

    Türkmenistandaky şahamçany esaslandyryjy- Hytaý Nebithimiýa Korporasiýasy (SINOPEC) Ltd. (HHR) kompaniýalar toparynyň nebit-gazyny gözlemek we çykarmak, şeýle hem daşary ýurt nebit injenerçilik işini alyp barmak şertlerinde injenerçilik brigadalarynyň işgärlerini bitewi dolandyrmagy, utgaşdyrmagy we guramagy amala aşyrýar.

   Hytaýyň 14 welaýatynda ýerleşýän SINOPEC toparynda hünär işjeňliginiň 50 ýyllyk geçmişi bar. Kompaniýanyň hünärmenleri, iň çylşyrymly önümçilik meselelerini çözmäge ukyply, iň häzirki zaman enjamlary, baý tejribesi bolan ýokary hünärli injener we tehniki topar bolup durýar. Kompaniýa Hytaýyň 76 guýylarynda nebit we gaz injenerçilik hyzmatlaryny (gözleg we önümçilik hyzmatlary) üstünlikli amala aşyrýar. Döwletiň buýrugy bilen SINOPEC injenerçilik brigadalary 561 gözleg blogynda nebit ýataklaryny özleşdirmek boýunça işleri amala aşyrýarlar we geofiziki gözleg, buraw, düýpli abatlamak, nebit ýataklarynyň ýer üstüni düzmek we nebit-gaz turbalaryny gurnamak üçin injener enjamlary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrýar. Brigadalar çylşyrymly relýefde we geologiki şertlerde dürli injenerçilik taslamalaryny durmuşa geçirip bilýärler. SINOPEC-iň nebit injenerçilik brigadalarynyň köpüsi IS09000 hil ulgamy şahadatnamasyna eýedir we Halkara Potratçylary Birleşik Assosiasiýasyna goşulandyr. SINOPEC Halkara Nebit Hyzmat Kompaniýasy ygtybarly hil barlagy ulgamyna, daşky gurşawyň saglygy we howpsuzlygy (HSE), zähmet howpsuzlygy we arassaçylygy (OSH) we beýleki dolandyryş ulgamlaryny döretmek we amaly tehniki ösüşler üçin giňişleýin tehniki goldaw berýär.

   SINOPEC Halkara Nebit Hyzmat Kompaniýasy nebit ýatagy hyzmatlary pudagynda dürli kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edip, dünýädäki nebit-gaz injenerçiligi (gözleg we çykaryş) şertnamalarynda uly üstünlik gazanýar. Esasanda Afrika, Ýakyn Gündogar, Merkezi Aziýa, Amerika, Günorta Aziýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýaly onlarça sebitlerde we ýurtlarda. SINOPEC Hyzmat Kompaniýasy geofiziki gözleg, burawlamak, karotaž, gaz karotažy, önümçilik geofizikasy we ş.m. hyzmatlary hödürleýär. Ýüzden gowrak nebit-gaz injenerçiligi we hyzmat taslamalarynda işler alnyp barylýar: sementlemek, guýy işläp bejermek, ýerüsti gurluşyk, turbageçiriji gurmak, suw dolandyryşyny ösdürmek (suw üpjünçiligi), ýol gurluşygy we ş.m.

   SINOPEC injener toparynyň gözleg we çykaryş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak  üçin SINOPEC Hyzmat Kompaniýasynyň gözleg we çykaryş artykmaçlyklaryndan we Halkara markasynyň artykmaçlyklaryndan doly peýdalanýar, şol sanda Hytaý Nebithimiýa Korporasiýasynyň Halkara Nebit Hyzmat Kompaniýasynyň (SINOPEC) şahamçasynyň Türkmenistanyň çäginde hasaba alnan, bu ýurduň nebit we gaz toplumynyň döwlet kärhanalary, şol sanda CNPC IT ýaly daşary ýurt kompaniýalary bilen ýakyndan we netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistandaky SINOPEC şahamçasynyň ygtyýarynda köp ýyllyk işleriň dowamynda tamamlanan köp sanly şertnamalaryň şertlerini üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän oňat gurlan infrastruktura, ýokary hilli enjamlar, maddy çeşmeler, ýöriteleşdirilen enjamlar, önümçilik we ýaşaýyş jaý bazalary, işçiler we ökde hünärmenler bar.

Şatlyk ýatagynda gazyň we gaz kondensatynyň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak ýaly işleriň bu görnüşi kompaniýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak bilen alnyp baryldy; Döwletabad meýdançasyndaky hereketsiz ýatan guýylary düýpli abatlamak boýunça işler geçirildi; Ýaşyldepe meýdançasynda burawlamak we täze guýulary gurmak işleri geçirildi; Çylşyrymly geologiki we tehniki şertlerde gaz guýularyny düýpli abatlamak Döwletabat ýatagynda geçirildi; "Türkmennebit"  Döwlet Konserniniň meýdanlarynda guýylaryň ikinji sütünini kesmek, gapdallaýyn burawlamak, belli bir ugur boýunça kese gapdallaýyn burawlamak, çuňňur burawlamak, düýpli abatlaýyş, boş duran hem-de çäge ýüze çykarýan guýularyň zaboý ýanyndaky zolagyny berkitmek ýaly hyzmatlar edildi.

Şahamça köp ýyl bäri CNPC IT we onuň bölümleri bilen kömekçi potratçy hökmünde hyzmatdaşlyk edýär, Bagtyýarlyk meýdançasynda guýy işleýiş desgasy we buraw hyzmatlaryny ulanyp, esasy we degişli hyzmatlary bermek boýunça işler alyp barýar.

Häzirki wagtda Hytaýyň Nebithimiýa Korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara Nebit Hyzmatlar Kompaniýasynyň (SINOPEC) Türkmenistandaky şahamçasy "Türkmennebit" Döwlet Konserni bilen guýylaryň ikinji sütünini kesmek, gapdallaýyn burawlamak, belli bir ugur boýunça kese gapdallaýyn burawlamak, guýy gazmak, işlemek, "Türkmennebit" Döwlet Konserniniň guýylarynyň içindäki we ýerüsti enjamlaryny düýpli abatlamak, gurnamak we işe girizmek, boş duran hem-de çäge ýüze çykarýan guýularyň zaboý ýanyndaky zolagyny berkitmek, suwuň izolýasiýasy we kislota bilen işläp taýýarlamak ýaly şertnamalar boýunça işleýär, şeýle hem ýerli "Türkmennebit" Döwlet Konserniniň ýerli brigadalary bilen tejribe paýlaşýarlar.

 

Hukuk salgysy: 744013, Türkmenistan, Aşgabat, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 180-nji jaýy.

E-poçta salgysy: sinopec_tkm@mail.ru