"Petroliam Nasional Berhad" (PETRONAS) — bu jemgyýetiň ýaşýyş şertleriniň howpsuz we yzygiderli ösmegi üçin zerur bolan energiýa serişdeleri öndürmek hem paýlamak bilen meşgullanýan halkara energiýa kompaniýasydyr.
"PETRONAS" 50 ýyllyk tejribesi we energiýa pudagyndaky ösüşi esasynda häzir dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda öz işini dowam etdirýär. Kompaniýa jemgyýetiň ýaşaýyş şertlerini ösdürýän we toplumlaýyn iş meýilnamasy arkaly energiýa serişdelerini öndürýär.
Türkmenistanda "PETRONAS" kompaniýasy "PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn" golçur kärhanasy arkaly işleýär. Bu kompaniýa Türkmenistanda 1996-njy ýylda işe başlady. 2009-njy ýylda Diýarbekir ýatagyndan nebit önümçiliginiň we 2011-nji ýylda Magtymguly ýatagyndan tebigy gaz önümçiliginiň başlamagy bilen PC (T) SB Türkmenistanda nebit-gaz öndürijileriniň we üpjün edijileriniň biri hökmünde özüni tanatdy.
Resmi websaýty: https://www.petronas.com