Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
TATNEFT

«Tatneft» — Russiýanyň iň iri nebit kompaniýalarynyň biridir. Kompaniýanyň önümçilik toplumynda nebit we gaz çykarmak, nebit gaýtadan işleýiş, nebit himiýasy, teker önümçiligi, ýangyç guýujy beketler ulgamy we hyzmat ediş bölümleri hereket edýär.

«Tatneft», şeýle hem maliýe (bank we ätiýaçlandyryş) sektoryndaky kompaniýalaryň paýyna gatnaşýar. 

Mundan beýläkki ykdysady-innowasion ösüşi we Russiýanyň nebit senagaty pudagynyň liderleriniň biri hökmünde öz ornuny pugtalandyrmak maksady bilen «Tatneft»: 

• işleýän ygtyýarly ýataklarynda nebit we gaz önümçiliginiň girdejililigini durnuklaşdyrmak boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär; 

• Tatarystanyň çäginde ýokary göterimli we kyn çykarylýan nebitiň täze ýataklaryny işjeň özleşdirýär; 

• Tatarystanyň we Russiýanyň çäklerinden daşarda resurs binýadyny giňeldýär; 

• nebit himiýasyny we nebit gaýtadan işlemegi ösdürmek arkaly ýokary bäsdeşlige ukyply taýýar önümleriň önümçilik we satuw möçberlerini artdyrýar; 

• innowasiýa ugurly inžener-tehniki syýasaty netijeli durmuşa geçirýär.

 

Sahypa: http://www.tatneft.ru/