Geçen asyryň 30-njy ýyllarynyň soňy deňiz geofiziki usullarynyň, özi ýöreýän kiçiräk kömekçi port gämilerinde kartalaşdyryjy burawlamanyň ulanylmagynyň başlanmagy, çuň gözleg-barlag guýularyny gazmak üçin ilkinji deňiz esaslarynyň gurluşygynyň döremegi bilen häsiýetlendirilýär.
Hazar deňziniň türkmen suwüsti giňişliginiň çuň geologik gurluşynyň esasy maglumatlary gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň geofiziki usullar bilen barlanmagynyň esasynda alyndy.
Grawimetrik işleriň netijeleri boýunça Bugeniň we Faýyň reduksiýasynda 1:100000 we 1:200000 ölçegli kartalar düzüldi. Grawimetrik anomaliýalaryň kartalarynda Türkmenbaşy aýlagynyň çäginde olaryň agyrlyk güýjüniň iň pes we Garabogazyň çäginde bolsa iň ýokary görkezijileri bilen ýapylýandygy yzarlandy.
Geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň soňunda Hazar deňziniň türkmen böleginiň suwüsti ähli giňişligi üçin, Garabogaz aýlagyny hem öz içine almak bilen, aeromagnit surata almanyň netijeleri boýunça magnit anomaliýalarynyň kartasy düzüldi, ol Hazaryň suwüsti giňişliginiň uly geostruktura birliginiň çäginiň anomal magnit meýdanynyň ýaýraýşynyň umumy çyzygyny şekillendirýär.
Emma seredilýän suwüsti giňişliginiň çuň gurluşyny öwrenmegiň has netijeli usuly bolup, deňiz seýsmiki gözlegleri hyzmat edýär. Birinji tapgyr 1950 – 1970-nji ýyllary öz içine alýar. Ol ýyllarda serpigen tolkunlar usuly (STU) bilen sebitleýin we öňünden barlama geçirmek işleri amala aşyryldy. Tektoniki gurluşyň shemasy düzüldi we takyklandy, täze struktura elementleri ýüze çykaryldy.
Ilkibaşda STU seýsmiki barlaglary deňiz gurşawynda partlaýjy maddalary ýarmak bilen, çeýe tolkunlary döredip, deňziň düýbündäki seýsmiki kabul edijileri ulanyp ýerine ýetirildi. Emma soňra, balyklary goraýan guramalaryň gadagan etmegi bilen baglylykda işleriň tehnologiýasy düýpgöter üýtgedi.
1971-nji ýylda çeýe tolkunlary döretmek üçin pnewmatik şöhlelendirijileri ornaşdyrmak boýunça tejribe-usulyýet işleri geçirildi. Şol bir wagtda Ogurjaly we Günbatar Ördekli meýdançalarynda STU önümçilik işleri alnyp baryldy. Bu işleriň netijeleri boýunça pliosen çökündilerinde bellenilen gorizontlar boýunça 1:50000 ölçegli shematik struktura kartalary düzüldi. Günbatar Ördekli meýdançasy boýunça maglumatlar çuň barlag buraw işleriniň geçirilmegi üçin buraw edaralaryna berildi.
1971-nji ýylda Hazar deňziniň suwüsti giňişligini öwrenmek boýunça SSSR-iň geologiýa gullugynyň täzeden gurnalmagy amala aşyryldy. Hazar deňziniň türkmen böleginde geofiziki işleriň ýerine ýetirilmegi täze döredilen «Hazardeňiznebitgeofizika» trestine tabşyryldy. Şol döwürden başlap, 1991-nji ýyl boýunça trest tarapyndan seýsmiki barlag işleriniň uly möçberi ýerine ýetirilipdir.
1973-nji ýyldan başlap Hazar deňzinde Umumy çuňluk nokady usulyny (UÇNU) ulanmak bilen seýsmiki barlag işleri amala aşyryldy. Umuman, deňizde şol sanda deňziň türkmen ýalpaklygynda öň ýüze çykarylan ähli struktura görnüşler UÇN usuly boýunça ýene-de täzeden taýýarlanyldy. Şol döwürde çuň guýularyň gazylmagy bilen öň barlanylan strukturalar hem täzeden taýýarlanyldy.
Ilkinji nobatda, esasy üns Apşeron-Balkanýany bosaganyň çäginde emele gelen strukturalar barlagyna berildi. Bu bosaganyň ähli strukturalary diýen ýaly UÇN usuly bilen profilleriň arasynyň giňligi 0,5 – 1,0 km bolan gözegçiligiň ýokary ýygjam tory bilen jikme-jik barlanyldy. Ähli obýektler boýunça 1:50000 ölçegli struktura kartalary guruldy.
Gündogarda Çeleken ýarym adasyndan başlap, günbatarda Apşeron ýarym adasyna çenli uzalyp gidýän Apşeron-Balkanýany bosaganyň epilmeleri uly sebitleýin seňňer görnüşli beýgelmeleriň umumy gurluşynyň üstündäki galdyrylan böleginde ýerleşýändigi takyk kesgitlenildi. Gyzyl reňkli çökündileriň depesiniň (700 – 1200 m) çuň bolmadyk ýatyşy bilen häsiýetlendirilýän epilmeler, umuman, birmeňzeş geologik gurluşa eýe bolup, gyzyl reňkli çökündileriň önümli gorizontlarynyň burawlama bilen barlanylmagy üçin elýeterli, häzirki wagtda ol önümli gatlaklaryň barlagy boýunça buraw işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu sebitde palçyk wulkanlarynyň giňden ýaýranlygy häsiýetlidir. Apşeron-Balkanýany bosaganyň türkmen böleginiň çäginde (Çeleken-Liwanow (Maşrykow, Magtymguly) zolagy) onlarça antiklinal strukturalar ýüze çykarylan. Olaryň içinde köp sanly ýataklaryň üsti açyldy, burawlandy, işläp geçmeklige girizildi, häzirki wagtda ol ýerlerde «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdh Bhd», «Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýalary nebit işlerini alyp barýarlar. Günbatar tarapda üsti açylan we barlanan birnäçe nebitli we gazly strukturalar ýerleşýärler (Jygalybeg (Ždanow), Jeýtun (LAM), Garaköl deňiz (Gubkin), Diýarbekir (Barinow), Magtymguly (Gündogar Liwanow), Öwez, Maşrykow, Dostluk we baş.).
Çuň barlag burawlama boýunça obýektleri taýýarlamak maksady bilen, jikme-jik işleri başlamak üçin geljegi uly diýlip hasaplanýan indiki sebit türkmen basgançagyny gündogardan daş-töweregini gurşap alýan epilmeler toplumy kabul edildi. Bu topar demirgazyk-günbatar ugra gönükdirilen iki çyzykda ýerleşen beýgelmeleri öz içine alýar: Türkmenabat (Fersman) zolagy we Baýram han (Şatskiý) zolagy. Hazar deňziniň türkmen böleginde geofiziki usullar, esasan, seýsmiki barlaglar bilen öz döwründe jemi 63 sany antiklinal strukturalar ýüze çykarylan (Günorta Hazarda – 40 sany we Orta Hazarda – 23 sany). Strukturalaryň köp sanlysy Hazar çöketliginiň içki, has çöken böleginde jemlenen. Bu ýerde olar örän ýapgyt, kiçi amplitudaly, köplenç dürli-dürli görnüşli. Bu ýerde gyzyl reňkli çökündileriň depesiniň çuňlugy 4 kilometrden hem çuňlukda ýerleşýärler.
Bar bolan maglumatlara görä, Hazar deňziniň türkmen böleginiň çäginde geçirilen seýsmiki-gözleg barlaglarynyň netijeleri boýunça «Hazardeňiznebitgeofizika» trestiniň hünärmenleri tarapyndan onlarça gutarnykly geologik-geofiziki hasabatlar taýýarlanypdyr.
1991-nji ýyldan soň baglylykda «Hazardeňiznebitgeofizika» tresti öz işini bes etdi. Ondan soň Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýalpaklygynyň çuň geologik gurluşyny geofiziki usullar bilen öwrenmek işleri bes edildi.
Hazar deňziniň suwüsti giňişliginiň geofiziki barlaglarynyň netijeleri boýunça gözleg-barlag buraw işleriniň uly göwrümi amala aşyryldy. Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýalpaklygynyň çäginde öz döwründe jemi 84 sany barlag we 41 sany ulanyş guýulary gazyldy. Guýularyň esasy bölegi Çeleken-Liwanow (Maşrykow, Magtymguly) zolagynyň çäginde gazyldy, ol ýerde öň hem bellenilişi ýaly, nebitiň we gazyň birnäçe ýataklary açyldy. Ondan başga-da, Ogurjaly meýdançasynda 6 sany gözleg guýusy gazyldy, ol ýerde 5 we 6 belgili guýularda çetwertik çökündileriň aşaky böleginden gazkondensatyň akymlary alyndy. Ýene-de 3 sany guýy Günbatar Ördekli meýdançasynyň çäginde we 2 sany guýy Türkmenabat (Fersman) we Hojagulyýew meýdançalarynyň çäklerinde gazyldy. Ähli gazylan bu 11 sany guýy esasy önümli gatlaklary, ýagny gyzylreňkli çökündileriň aşaky bölegini açmadylar we ol guýular, guýulary petiklemegiň düzgünnamasynyň I topary esasynda petiklendi.
Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen bölegi boýunça geologiýa gözleg işleriniň geljegi daşary ýurt kompaniýalaryny işe çekmek bilen baglanyşdyrylýar.
1996–1998-nji ýyllarda «Western Geophysical» kompaniýasy tarapyndan Hazar deňziniň türkmen böleginiň çäginde dört sany profili gury ýere çykarmak bilen sebitleýin deňiz seýsmiki gözleg-barlag işleri geçirildi. Seýsmiki maglumatlaryň torunyň arasyndaky aralyk Hazar sebitiniň günortasynda adaty 5 km – 8 km aralygyndan, sebitiň merkezi böleginde toruň endigan bolmadyk 1 km – 15 km aralyga çenli üýtgeýär. Jemi 16 müň uzynlygyna km gowrak seýsmiki profiller işlenildi. Örän ýokary hilli meýdan maglumatlary alyndy. Seýsmiki serpikmeleriň ýazgysy 10 sek çenli amala aşyryldy. Ähli alnan seýsmiki maglumatlar ABŞ-nyň Hýuston şäherinde işlenildi, olaryň interpretasiýasy bolsa 1998 – 2000-nji ýyllarda London şäherinde «Baker Hughes» kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Geologik kesimiň şöhlelendirilişi 13 – 16 km aralygynda boldy. Bu işleriň netijesinde geljegi bolan täze ýerasty gurluşlarynyň üsti açyldy, indi olarda jikme-jik seýsmiki barlaglar we çuň guýularyň buraw işleri geçirilmeli. Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod serişdeleriniň mümkinçiliklerine baha berlip, onuň möçberi 18,2 mlrd. tonna şertli ýangyja deň diýlip kesgitlendi. Hazar deňziniň türkmen böleginde sebitleýin seýsmiki barlaglar geçirilen ähli çäk 32 sany bäsleşik geçirmek üçin deňiz toplumlaryna bölündi, ol toplumlar gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalaryna nebitgazlylygyny barlamaga Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygy baglaşmagyň esasynda teklip edilýär.
1997-nji ýyldan başlap «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdh Bhd», «Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd.», «RWE», Itera ýaly kompaniýalar öz deňiz toplumlarynyň çäklerinde jikme-jik UÇNU-3D seýsmiki barlaglaryny geçirdiler.
Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynyň günorta bölegini şertli görnüşde üç sany esasy struktura sebitlerine bölmek bolar:
Türkmen terrasasy, Apşeron – Liwaow (Maşrykow, Magtymguly) zolagynyň we has aýdyň görünýän Günorta türkmen epinleriniň arasynda ýerleşen, ýagny daşky prosessleriň täsiri astynda ýapyda emele gelen basgançak görnüşli meýdan. Ýalpaklygyň bu sebiti kiçi amplitudaly, uly ölçegli strukturaly durnukly zolak bolup durýar: Ogurjaly (Ogurçi), Günbatar Ördekli, Gaplaň, Oguzhan (Obruçew), Soltanmyrat we baş. Bu ýerde deňziň çuňlugy 5 – 20 m.
Günorta türkmen epilmeler sebiti Günorta-Gündogar – Demirgazyk-Günbatar ugra ýaýylyp gidýän we türkmen terrasasynyň günortaragynda ýerleşýän hem-de ýedi sany kiçi amplitudaly Ylymdahyl (Ylmy), Esenguly-deňiz (Solowýow), Gyzylguş (Weber), Türkmenabat (Fersman), As Suli (Festiwal), Gögerenköl we Hanlar strukturalaryndan ybarat. Bu hereket edýän toýunlaryň üstünde sinsedimentasion ýerleşmek bilen, miosen ýaşly dykyz gatlagyň üstünde çöken, soňra bolsa tektoniki jaýrylmalar bilen çylşyrymlaşan zolak bolup durýar. Bu ýerde deňziň çuňlugy 20 – 50 m.
Baýram han (Şatskiý) zolagy, türkmen epilmeler sebitiniň günorta-günbatarynda ýerleşýär we bäş sany aýdyň görünýän ýokary amplitudaly strukturalardan durýar. Bu Şähriýar, Talyply, Baýram han (Şatskiý), Azady (Andrusow) we Altyn halka strukturalarydyr. Bu sebit ýapy we derýanyň aýagynyň ýapysynyň etegi (turbiditler) bolup durýar. Epilmeler süýşýän toýunlar bilen gysylan strukturalar bolup durýarlar. Bu ýerde köp sanly palçyk wulkanlary bar. Bu ýerde deňziň çuňlugy 300 m we ondan hem çuň.
Çeşme: "Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnaly.