Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
,,Türkmennebit’’ döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ,,Kenar’’ toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan hem-de kabul edilýän täze 3-nji gämi duralgasy ulanylmaga berildi
23.07.2025

2025-nji ýylyň 18-nji iýulynda ýurdumyzyň günbatar sebitinde milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine uly itergi berjek möhüm wakalaryň biri boldy, ýagny hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ak pata bermegi bilen täze döwrebap nebit desgasy işe girizildi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň energetika we logistika mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Täze duralga Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öndürýän ýokary hilli önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmakda möhüm rol oýnaýar. Bu desganyň gurulmagynyň netijesinde, ,,Kenar’’ toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň üsti bilen daşalýan ýükleriň mukdary artdyrylar we olaryň ýokary hilde, ekologiýa taýdan howpsuz ýagdaýda daşalmagy üpjün ediler.

Duralganyň gurluşygynda dünýäniň öňdebaryjy inženerçilik we gurluşyk tehnologiýalary ulanyldy. Onuň gurluşygyny «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan guralan tenderiň netijesinde halkara tejribesi bolan gurluşyk kompaniýasy ýerine ýetirdi. Duralganyň tehniki aýratynlyklary boýunça ýylda müňlerçe tonna nebit we nebit önümlerini ýüklemek hem-de düşürmek mümkinçilikleri bar.

Duralganyň işe girizilmegi bilen, diňe bir milli ykdysadyýetiň ösüşine däl, eýsem, sebitleýin we halkara energetika hyzmatdaşlygynda hem mümkinçilikleriň artdyryljakdygy şübhesizdir. Täze desganyň işe girizilmrginiň netijesinde Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe we beýleki daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine amatly şert döreýär.

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap logistika düzümini döretmek, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bagly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Täze duralga hem şu strategiki maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Netijede, bu möhüm desganyň işe girizilmegi bilen, nebitgaz toplumynyň möhüm pudagy bolan ,,Türkmennebit’’ döwlet konserniniň önümçilik düzümleriniň kuwwatlylygy artdyryldy.                                                                                                                                                                                                                                          

                                                                                                                                                                                                                                                  Döwlet Ataýew, “Türkmennebit” döwlet konserniniň "Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri"  žurnalynyň redaksiýasynyň Sanly habarlar bölüminiň IT hünärmeni