
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň tejribesi bilen tanyşmak we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň tejribesini öwrenmek maksady bilen, şu ýy lyň 29-njy iýunyndan 20-nji iýuly aralygynda talyplar topary uniwersitetimiziň mugallymynyň ýolbaşçylygynda Pekin şäherinde Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçdiler.
Ýörite işlenip düzülen üç hepdelik meýilnama laýyklykda, uniwersitetiň talyplary Hytaýyň nebit uniwersitetiniň laboratoriýalary, okuw merkezleri we muzeýleri bilen tanyşdylar, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasyna (CNPC) we onuň önümçilik desgalaryna, Hytaýyň geologiýa muzeýine baryp gördüler. Şeýle hem talyplar üçin «Hytaý diliniň esaslary», «Hytaý medeniýeti», «Ýaşyl» energiýa, uglerod zyňyndylaryny azaltmak», «Nebitiň we gazyň geljegi», «Ýüpek ýoly boýunça energetika hyzmatdaşlygynyň geljegi» atly gysga möhletli okuwlar guraldy.
Bu okuw-önümçilik tejribeliginiň talyplar üçin uly ähmiýeti bolup, ol Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, öň debaryjy daşary ýurt tejribeleri bilen tanyşmaga we nazaryýetde alan bilimlerini daşary ýurt tejribesi bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Gülaýym IŞANGULYÝEWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Çeşmesi: "Nebit-gaz" gazeti