Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
ZE­HIN BÄS­LE­ŞI­GI
22.07.2025

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde zehin bäsleşigi geçirildi. Şu günler ýokary okuw mekdebimizde önümçilik tejribeligi dowam edýär. Uniwersitetiň Balkanabat bölüminde dürli hünär ugurlary boýunça okaýan talyplar okuwda alan bilimlerini önümçilik tejribeliginde berkidýärler. Talyplaryň bu ugurda hünärini içgin öwrenmegi, düşünjesiniň artmagy, kämilleşmegi üçin dürli çäreler guralýar. Şondan ugur alnyp geçirilen zehin bäsleşigine hem ýaşlar höwes bilen işjeň gatnaşdylar.

Bäsleşikde talyplar «Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary», «Pähim-paýhas ummany — Magtymguly Pyragy», «Sagdyn bedende — sagdyn ruh», «Türkmen dünýäsi», «Zehin soraglary», «Ylym we tehnika» temalary boýunça öz bilim başarnygyny görkezdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşikde «Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy» hünäriniň talyplar topary ýeňiş gazandy. Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy.

Ýokary okuw mekdebimiziň Balkanabat bölüminiň mugallymy Amanberdi Aşyrowyň aýtmagyna görä, şeýle ukyp synaglary tejribelik işleriniň netijeliligini artdyrýar we talyplarda ruhubelentlik, bäsdeşlik duýgusyny ösdürip, okuwa, öz öwrenýän hünärine has içgin çemeleşmäge şert döredýär.

Bahargül GYLYJOWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy.

Çeşmesi: "Nebit-gaz" gazeti