
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, önümçilik we dolandyryş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň energetika toplumynyň öňdebaryjy düzümleriniň biri bolan “Türkmennebit” döwlet konserni hem sanly ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar.
Konserniň “Sanly gurşaw” atly döwrebap taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen geljekde bu ugurda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda öňdebaryjy kiber tehniki ulgamlary ornaşdyrylar. Taslamanyň çäklerinde konserniň merkezi edarasynyň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryny öz içine alýan korporatiw içki tor infrastrukturasynyň bir bitewi ulgama birleşdirmek we awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýadyny döretmek arkaly, kärhananyň çeşmelerini meýilleşdirmek çözgüdinden peýdalanmagy bilen ähli maglumatlary dolandyrmak, şeýle-de alnyp barylýan kibergözegçilik merkezleriniň işlerini utgaşdyrmak boýunça talaplary amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna we konserniň esasy iş ugurlaryna laýyklykda, "Türkmennebit" döwlet konserniniň önümçilik hem-de dolandyryş düzümlerinde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça taslamalaryň strategiki dolandyrylmagy möhüm hasaplanylýar. Bu taslama konserniň ähli edaralarynyň toplumlaýyn gurluşyna esaslanmak bilen, nebitgaz senagatynda maglumat alyş-çalşygynyň, önümçiligiň netijeliliginiň, halkara hyzmatdaşlygynyň hem-de ilata berilýän hyzmatlaryň ýeňilleşdirmeginiň, tehnologiýa integrasiýasynyň kämilleşdirilmegini maksat edinýär.
Netijede “Türkmennebit” döwlet konserniniň we onuň garamagyndaky ähli edara-kärhanalaryň sanly ulgama geçmeklige gönükdirilen "Sanly gurşaw" atly taslamasy, konserniň önümçilik we dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak arkaly nebitgaz pudagynyň maglumat alyş-çalşygynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, önümçiligiň netijeliligini artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek, çykdajylary azaltmak, ekologiýa standartlaryny berjaý etmek bilen birlikde, pudagyň umumy ösüşine we bäsdeşlik ukybynyň ýokarlandyrylmagyna amatly täsirini ýetirer. Döwrüň talabyna laýyk işleriň biri bolan bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşinde täze bir sahypanyň açylmagyna garaşylýar.
“Sanly gurşaw” taslamasy konserniň ähli edara-kärhanalarynyň toplumlaýyn sanly ulgamyny üpjün eder. Döwrebap sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ösüşine uly badalga berer. Bu bolsa Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkara derejesindäki bäsdeşlik ukybynyň ýokarlanmagyna giň ýol açar.
Yklym Myradow, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygy müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.