
Şu günler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri — 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge taýýarlyk işleri güýçli depginde dowam edýär. 2025-nji ýylyň 13-nji iýulynda Awazada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyndaky çykyşy bu halkara çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine örän uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, üç ýyl mundan ozal, ýagny 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Awazada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat geçirildi. Maslahat halkara bileleşigini deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ykdysady taýdan okgunly hem-de durnukly ösüşi üçin zerur şert bolup durýan netijeli ulag düzümi ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de utgaşdyrmak boýunça işleri goldamaga çagyrdy.
Parahatçylygy söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hemde netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde işjeň orny eýeläp, täze başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary durmuşa geçirýär. Bularyň hemmesi, şol sanda gojaman Hazaryň kenarynda geçiriljek wekilçilikli halkara maslahat ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine doly laýyk gelýär hem-de ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň we ösüşiň maksatlaryna hyzmat eder.
Gunça BAÝRAMOWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Çeşmesi: "Nebit-gaz" gazeti