
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda yzygiderli gurlup, önümçilige tabşyrylýan täze desgalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ak pata bermegi bilen işe girizilen zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan hem-de kabul edilýän täze 3-nji gämi duralgasynyň açylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi.
Desganyň açylyş dabarasyna Balkan welaýat we Türkmenbaşy şäher häkimlikleriniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçylary, zawodyň işçi-gullukçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Belentden ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlaryň astynda çykyş edenler nebiti gaýtadan işleýjileri täze kuwwatly desganyň açylmagy bilen gutlap, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmekde amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Beýik Britaniýanyň «Petro Gas LLP» kompaniýasy bilen zawodlar toplumynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda gurlan täze desganyň ýyllyk kuwwaty nebit we nebit önümlerini ýüklemek boýunça 2 million 60 müň tonna, çig nebiti hem-de nebit önümlerini düşürmek boýunça 1 million 150 müň tonna deňdir.
ABŞ-nyň «HONEYWELL», Germaniýanyň «EMKO», Niderlandlar patyşalygynyň «STRAATMAN» dünýä belli kompaniýalarynyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen gämi duralgasynda nebit önümlerini guýmak we kabul etmek üçin döwrebap mümkinçilikler döredilipdir. Awtomatlaşdyrylan bu täze desgada nebit önümleri görnüşleri boýunça bellenilen mukdarda guýulýar we olaryň agramy elektron terezi arkaly ölçelýär. Täze desgada ýangyn howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak düzgünleri oturdylan kämil enjamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Hut şu artykmaçlyklar bu ýerde ýangyn we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, önümiň ýitgisiniň öňüni almaga, agyr el zähmetini aradan aýyrmaga hem-de önümçiligiň medeniýetini ýokarlandyrmaga aýgytly täsirini ýetirýär. Kuwwatly desga zawodlar toplumynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak bilen birlikde, kärhanada öndürilýän nebit önümleriniň möçberlerini düýpli artdyrmaga we olaryň hil görkezijilerini dünýä hil ülňülerine laýyk derejä çykarmaga giň mümkinçilikleri berer.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylyklarynyň dabaraly belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda täze, döwrebap desga eýe bolan nebiti gaýtadan işleýjiler dabarada çykyş edip, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny täze belentliklere göterip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Kuwwatly desganyň açylyş dabarasyndan soňra toý sadakasy berildi. Sadaka gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, eziz halkymyzyň has-da eşretli ýaşamagynyň hatyrasyna alyp barýan beýik işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklary dileg etdiler.
Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Nebit-gaz».