Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Belent ösüşlere saldamly goşant
17.01.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlarda, şol sanda nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan işlerde tutanýerli zähmet bilen belent sepgitlere ýetilýär. Olaryň hatarynda «Nebitgazçykaryş» trestiniň Esasy nebit geçirijiler müdirliginde alnyp barylýan işleri görkezmek bolar. Kärhananyň zähmetsöýer işgärleri tarapyndan nebitgaz çykaryş müdirliklerinde taýýarlanylýan «gara altyny» Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ýitgisiz akdyrmakda önümçilik görkezijileriň durnukly ösüşi üpjün edilýär.

Top­lum­da ula­nyl­ýan Kör­pe­je — Gum­dag esasy nebit geçirijisinden «Körpeje» nebit akdyryjy bekediň üsti bilen «Gamyşlyjanebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň Nebitlije, Şatut, Günorta Gamyşlyja, Gamyşlyja, Körpeje, Altyguýy känlerinden çykarylýan nebit akdyrylýar. Bu turbageçirijiden gelýän nebite «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň Gumdag, Garadepe, Guýjuk, Gyzylgum, Gögerendag, Garadurun, Ekizak, Ýolaýyrdy, Garadaşly, Ördekli, Uzynada känlerinden çykarylyp, «Gumdag» nebit akdyryjy bekedine berilýän suwuk uglewodorod çig maly goşulýar we Gumdag — Bal­ka­na­bat esa­sy ne­bit ge­çi­ri­ji­si­ne gö­nükdi­ril­ýär. Ol Uz­boý — Be­lek ne­bit ge­çi­ri­ji­si­ne birigip, «Uzboý» nebit akdyryjy bekedinden gelýän, «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň Barsagelmez we Nebitdag känlerinden çykarylýan nebiti bilen bile «Belek» nebit akdyryjy bekedine iberilýär.

Geçiriş nokady bolan «Belek» nebit akdyryjy bekedine «Gamyşlyjanebit», «Gumdagnebit» we «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň nebitini akdyrylýan turbageçiri­ji­niň do­wa­my bo­lan Be­lek — Türk­men­ba­şy esasy nebit geçirijisi iki şahadan ybarat bolup, onuň biri goşmaça, ýagny «luping» turbageçiriji hökmünde peýdalanylýar.

«Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň Günbatar Çeleken, Alagöl, Dagajyk känlerinden çykarylyp, «Hazar» nebit akdyryjy be­ke­din­den göz­baş al­ýan Ha­zar — Go­tur­de­pe — Be­lek — Türk­men­ba­şy esa­sy ne­bit ge­çi­rijisinden akdyrylýan nebite Goturdepe käniniň alty sany nebit önümçilik nokatdyndan çykarylýan nebit goşulyp, «Belegiň» üsti bilen zawodlar toplumyna barýar.

Ondan başga-da, «Keýmir» nebitgaz çykaryş müdirliginiň Akpatlawuk, Kemer, Keýmir, Ekerem känlerinden çykarýan nebiti «Ekerem» nebit guýujy bölümine kabul edilip, deňiz ýollary arkaly tankerli Türkmenbaşa iberilýär.

Esasy nebit geçirijiler müdirliginde nebit akdyryjy beketleriň tehnologiýa enjamlarynyň we nebit geçirijileriň dowamly ulanyşda bolmagyna garamazdan, olara tehniki hyzmatyň — abat­la­ýyş, pos­la­ma gar­şy çä­re­le­riň ýo­ka­ry hil derejede yzygiderli geçirilmegi bilen kanagatlanarly tehniki ýagdaýy saklanylýar. Bu işler müdirligiň degişli gulluklarynyň işçi güýjüniň hasabyna amala aşyrylýar.

Kärhanada ýokary zähmet üstünliklerini gazanmakda ähli düzüm birlikleriň öz käriniň ussady bolan işgärleriniň mynasyp goşandy bar. Dolandyryş diwanynyň hünärmenleriniň oýlanyşykly guramaçylygy bilen işleriň talabalaýyk guralmagy, «Körpeje», «Gumdag», «Uzboý», «Goturdepe», «Hazar», «Belek» nebit akdyryjy beketleriň, «Ekerem» nebit guýujy, nebiti kabul ediş-tabşyryş bölümleriň, önümçilige hyzmat ediş, awtoulaglar, barlag-ölçeg gurallary we awtomatlaşdyryş gulluklaryň işgärleriniň yhlasly zähmeti arkaly bökdençsiz önümçilik amallary şertlendirilýär.

Müdirligiň agzybir işgärleri nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip, döwrebap ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalaryna çäksiz hoşallyk bildirip, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini päk ýürekden arzuw edýärler.