Nebitgaz çykaryjy sehleriň (bölümleriň) 6-syny özünde jemleýän «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň Goturdepe käniniň demirgazygynda ýerleşýän 6-njy nebitgaz çykaryjy sehiniň at-abraýy ýyl-ýyldan artýar.
...Goturdepä ýetmän, uly ýoldan çykyp, saga — Demirgazyk Goturdepe diýilýän genji-hazynaly meýdanlara aralaşanyňda, urpaklygy ikä bölüp barýan awtoulagyň aýnasyndan uzaklarda seleňläp görünýän buraw wyşkalaryny we başga desgalary synlap, 6-njy nebitgaz çykaryş sehiň jaýyna gelenimizde, sehiň başlygy Pirmuhammet Duşmuhammedow gadyrly garşylady we onuň bilen gürrüňimiz alşyp gitdi.
— Öňden belli bolşy ýaly, Hazaryň türkmen ýalpaklygyndaky we kenarýaka zolagyndaky geljegi uly bolan ýataklary senagat taýdan özleşdirip, ulanyşa girizmek nebitçileriň öňünde esasy wezipe bolup durýar. 1987-1988-nji ýyllarda Hazar deňziniň suwunyň joşmagy netijesinde, bu töwerekdäki guýularyň birnäçesi suw basmagy sebäpli ulanyşdan galdy we buraw işleri hem wagtlaýynça togtadyldy. Soňra olarda geofiziki barlag işleri geçirilip, degişli çäreler amala aşyrylyp, öňki önümli gatlaklar täzeden özleşdirilip, bol nebit çykarylyp başlandy.
Galyberse-de, alymlaryň, hünärmenleriň tassyklamagyna görä, Demirgazyk Goturdepäniň zemin astynda köp mukdarda uglewodorod çig mala baý täze ýataklaryň bardygyna gazylýan buraw işleri şaýatlyk edýär.
Geçen ýyl Demirgazyk Goturdepede orta basyşly gazlift guýularynyň 12-si gazy tygşytlamak maksady bilen başga usula — ştangaly çuňlukdan sorujy usula geçirilip, nebit çykarylyşy kadalaşdyryldy. Bir söz bilen aýdanyňda, az önümli guýulara berilýän gazyň burawdan çykan guýulara berilmegi bilen nebit çykarylyşy ep-esli ýokarlandy. Guýularyň sanynyň artmagy netijesinde, nebitgaz ölçeýji desgalaryň ikisiniň we 12 sany guýa niýetlenen ýokary basyşly UWD desganyň biriniň gurulmagy ölçeg işlerini ýeňilleşdirdi.
Bu nebitgaz çykaryş sehinde 124 adam zähmet çekip, olaryň 51si ýokary derejeli nebitgaz çykaryjy operatorlardyr. Olar tarapyndan bir gije-gündizde 3 müň tonnadan gowrak suwuk ýangyç çykarylyp, onuň, takmynan, 1 müň 250 tonnasy arassa nebitdir. Biziň esasy daýanjymyz bolan işine ezber operatorlaryň nebit çykarmagyň hemme usulynda-da önümçiligiň tehnologik iş düzgünini kesgitlemekde, ýeňil we düýpli abatlaýyşdan çykan guýulary talabalaýyk özleşdirmekde, enjamlary dogry gurnamakda paýy ýokarydyr. 5-nji we 6-njy derejeli nebitgaz çykaryjy operatorlardan Gurbanberdi Atakgaýew, Amangeldi Ballyýew, Jumageldi Mämmettaganow, Tuwaknazar Esenow we Döwran Amanow dagy halal zähmetine, tejribelerine we erjellige gol berip, köplere görelde görkezýär.
Operatorlaryň ýa-da ussanyň gatnaşmagynda «Nebitgazylmytaslama» institutynyň hünärmenleriniň önümçilik bilen ýygy aragatnaşygy saklamagy, gerekli ýerinde ylmy-barlag işlerini geçirmegi dogry hasaplanylýar. Şeýle maksat bilen institutyň hünärmenleri tarapyndan gazlift guýulara berilýän gazy tygşytlap ýa-da sazlap, köp nebit çykarmak barada yzygiderli aladalanylýar. Düzgün barlag işleri geçirilende, guýularda we ölçeýji desgalarda görkeziji tehniki manometrleriň goýulmagy we saz işlemegi hökmandyr. Şu maksat bilen tehniki manometrleriň her aýda 20 — 30-sy Balkanabat şäherinde ýerleşýän Abatlaýyş, sazlaýyş we elektrogurnama müdirligine iberilip bejerilýär, sazlanylýar, soň ýene-de öňki ýerinde goýulýar — diýip, ol sözüni jemleýär.
— Biz guýularyň sanyny olaryň diňe nebit berijilik ukyby boýunça kesgitleýäris. Her bir guýynyň häsiýetine bäş barmagyň ýaly belet bolmaly. Eger olardan ünsüňi sowsaň, soň nebit eçilmegini kem-kemden azaldyp başlaýar. Onsoňam biz ylmyň we tehnikanyň, tehnologiýanyň täze gazananlaryna bil baglaýarys. Sebäbi bular biziň gazanýan üstünliklerimiziň baş ýörelgesidir. Guýularyň bökdençsiz işlemekleri üçin zerur şertleri döredýäris. Gije-gündiziň dowamynda dört çalşykda alnyp barylýan işleriň yzy kesilmeýär. Diňe şeýle edilende garaşylýan netijäni alyp bolýar — diýip, bu sehiň esasy geology Merdan Baýjanow gürrüňe goşulýar.
Weýis AMANTAGANOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti.